Ylmy-amaly maslahat geçirildi
597-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň synmaz sütünidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Maslahat öz işini umumy mejlisde we «Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýastay demokratik ýörelgeleriň we konstitusion çözgütleriň esasydyr», «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy – berkararlygyň, agzybirligiň we hoşniýetliligiň nyşany», «Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ynanyşmagyň konstitusion-hukuk esaslary», «Türkmen dilini we edebiýatyny ylmy esasda öwrenmegiň hem-de öwretmegiň möhüm meseleleri», «Iňlis dilini we edebiýatyny okatmagyň innowasion usullary hem-de döwrebap tejribeler», «Daşary ýurt dillerini öwrtemegiň usulyýetini kämilleşdirmek ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm şertidir», «Sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň esasydyr», «Täze tehnologiýalary döretmekde fizikanyň we astronomiýanyň ylmy barlaglarynyň orny», «Biologiýa ylmynyň häzirki zaman ösüşinde biotehnologiýanyň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti», «Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak syýasaty – ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmegiň esasy ugry», «Ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmekde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýeti» atly bölümleriň 11-sinde dowam etdi.
Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy, onuň rejelenen görnüşi esasynda kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryň kämilleşdirilişi, «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 – 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de onuň taryhy kökleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen bagly «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda maksatnamalaýyn işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan täze taryhy eýýamda üstünlikli durmuşa geçirilmegi berkarar Watanymyzyň geljekki ösusleriniň berk binýady boljakdygy nygtaldy.
Ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, okuw gollanmalarynyňdyr monografiýalarynyň hem-de talyplar tarapyndan taýýarlanylan şöhratly taryhymyzy, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini beýan edýän taslamalaryň, şeýle-de, talyplaryň oýlap tapan programma üpjünçilikleriniň, işläp düzmeleriniň sergisi oňa gatnaşyjylarda täsir galdyrdy.