Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli aýdym-sazly çäre geçirildi
25Şu gün, 12-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň zenanlar guramasynyň guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenstanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy: döwletliligiň, kanunylygyň we adalatlylygyň kepili» atly aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi.
Dabaraly çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary, talyplary, Arkadag şäher prokuraturasynyň, Adalat ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik we ynanyşmagyň ugrunda alyp barýan syýasaty, sebit hem-de dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, alym Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň eserlerinde parahatçylygyň, abadan durmuşyň beýany, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň orny barada belläp geçdiler. Şeýle hem ýurdumyzyň kanunçylyk esaslaryny berkitmekde Konstitusiýanyň orny, çagalaryň konstitusion hukuklaryny goramagyň we zenanlaryň ýurdumyzda gender deňliginiň konstitusion hukuk kepillikleri ýaly ugurlar boýunça çykyşlar edildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň hormatly Prezidentimiziň beýik tutumly işlerini wasp edýän «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!», ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryny we durmuş-ykdysady taýdan ösüşini şöhratlandyrýan aýdymlar hem-de hukuk fakultetiniň talyplarynyň ýerine ýetiren «Oguzlaryň parlap duran şöhratydyr baýdagym, Konstitusiýam — belent heňde aýdym edip aýdanym» atly goşgusy çärä gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Aýdym-sazly dabaraly çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda yglan edilen goşgy düzmek we surat çekmek boýunça yglan edilen bäsleşginiň ýeňijilerine ýokary okuw mekdebiniň Kärdeşler arkalaşygynyň Ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.