Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi
51Şu gün, 13-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy hem-de Ylymlar güni mynasybetli sanly ulgam arkaly «Häzirki zaman ylmy barlaglar we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň 24-siniň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Italiýanyň, Daniýanyň, Rumyniýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Bangladeşiň, Hindistanyň, Ruandanyň, Alžiriň, Namibiýanyň, Mýanmanyň, Gruziýa Respublikasynyň, Kambojanyň, Tanzaniýanyň, Gananyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, hünärmenleriniň 100-den gowragy, şeýle hem Türkmenistanyň 30 sany ýokary okuw mekdeplerinden we ylmy-barlag edaralaryndan, jemi 288 sany wekil gatnaşýar. Olar ylmy-amaly maslahatyň dowamynda wekilçilik edýän bilim-ylym merkezlerinde we ýokary okuw mekdeplerinde gazanan üstünlikleri, alyp barýan ylmy-barlag hem-de ylmy-usuly işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik alarlar.
Ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyňdyr professor-mugallymlarynyň gatnaşmagy ýurdumyzyň pudaklarynda ylmyň soňky gazananlaryny durmuşa geçirmek bilen, täze taryhy döwrüň talaplaryna laýyklykda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň esasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bellenilmäge mynasypdyr.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisinde çykyş eden türkmenistanly we daşary ýurtly alymlar, professor-mugallymlar soňky ýyllarda türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň tagallalary esasynda Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk işleriniň yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, dürli ýyllarda Bitarap Watanymyzyň strategik hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyklaryň berk binýady bolan bilim, ylym we tehnologiýalar babatda alnyp barylýan işler taryhy ähmiýete eýe bolup durýar. Täze taryhy döwürde Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan tarapyndan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm meseleleriniň biri bolan bilim-ylym hem-de tehnologiýalar ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde diňe bir sebit derejesinde däl-de, eýsem, bütin dünýä ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Bitarap Türkmenistanda halkara jemgyýetçiligi bilen durnukly ösüşi gazanmak babatda ylmy we tehnologiýalar ugrunda hyzmatdaşlyk yzygiderli giňeldilýär. Çykyşlarda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda milli hem-de öňdebaryjy tejribelere esaslanmak bilen, halkara jemgyýetçiliginde ylmy-bilim-önümçilik arabaglanyşygyny ösdürmek, geljekde ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlarynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek bilen, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde durmuşyň dürli ugurlarynda ösüşleri gazanmak, ýokary derejeli hünärmenleri, ylmy işgärleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm ugurlarynda işleriň alnyp barylmagy barada giňişleýin bellenilip geçildi.
Maslahata gatnaşyjylar çykyşlarynda dost-doganlyk we özara tejribe alyşmak ýörelgeleriniň täze taryhy döwürde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary bilen üstünlikli alnyp barylýandygyny aýratyn nygtadylar.
Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş uniwersitetiň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň, alymlaryň monografiýalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň, milli amaly-haşam sungatymyzyň, ylym-bilim ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň, ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşlerini, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzy beýan edýän taslamalaryň, talyplar tarapyndan taýýarlanyln işläp düzmeleriň sergisi guraldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar topary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar, ýaňlanan mukamlar sergä gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Halkara maslahatyň umumy mejlisine gatnaşyjylar ylym, bilim we tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürip, bu ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä jemgyýetçiligi bilen paýlaşmaga, tejribe alyşmaga hem-de häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň kämilleşmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowana ýollarda üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.