Ynsanperwer ylymlarynyň ösüşine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
4122-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň ýokary we orta okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlarynyň, aspirantlarynyň we alymlyk derejelerine dalaşgärleriniň gatnaşmagynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsanperwer ylymlarynyň ösüşi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Bilim ministriniň buýrugy bilen tassyklanylan «Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen döredilen iş topary tarapyndan 2025-2026-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyna» laýyklykda guralan maslahatyň işi umumy mejlisde hem-de «Şöhratly taryhymyzy, medeni mirasymyzy öwrenmekde ynsanperwer ylymlarynyň we pedagogikanyň orny», «Täze taryhy döwürde türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmegiň meseleleri», «Behişdi bedewler — türkmen halkynyň baý milli mirasynyň aýrylmaz bölegi» atly bölümçeleriň üçüsinde alnyp baryldy.
Maslahatda ylmy nutuklaryň 100-e golaýy meýilleşdirildi. Türkmen edebiýatynda mynasyp orun alan şahyrlaryň, ýazyjylaryň döredijiligi, edebi mirasy täzeçe nazaryýetler, dürli ylmy usullar bilen seljerilmeler, olaryň çeperçilik gymmatlylygy, şeýle hem türkmeniň halyçylyk sungaty, milli tans sungaty ýaly edebi däl görnüşleri bilen birlikde türkmen kompozitorlarynyň döreden ajaýyp sazlarynyň ylmy taraplary boýunça çykyşlar boldy. Şeýle hem halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň gözelligi, ýyndamlygy hem-de şaý-seplerde, eposlarda, nusgawy we häzirki zaman türkmen şahyrlarynyň şygryýetinde orun alan bedew atlaryň çeper keşbi boýunça alnyp barylýan işlerdäki ylmy seljermeler boýunça ylmy çykyşlar edildi.
Çykyşlarda «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen häzirki zaman türkmen jemgyýeti üçin milli gymmatlyklarymyz esasynda ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ýaşlary kemala getirmek babatda tutumly işler barada giňişleýin bellenildi.
Ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş uniwersitetiň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň, alymlaryň monografiýalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň, milli amaly-haşam sungatymyzyň, ylym-bilim ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň, ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşlerini, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzy beýan edýän taslamalaryň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan işläp düzmeleriň sergisi guraldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barmak, ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, ynsanperwer ylymlary boýunça kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga hem-de häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň kämilleşmegi ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.