Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi

15

23-nji maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli “Arşyň nepisligi”, “Janly rowaýat”, Hazyna deňelen türkmen halysy” atly aýdym-sazly baýramçylyk söhbetdeşligi geçirildi.
Baýramçylyk söhbetdeşligine “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň halyçy zenanlary, hünärmenleri, Magtymguyly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenan mugallymlary hem-de talyp gelin-gyzlary gatnaşdylar.
Çykyşlarda 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Kolumbiýanyň paýtagty Bogota şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň hödürlemegi boýunça türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky çözgüt komitetiň agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilmegi taryhy ähmiýete eýedigi bellenildi. Şeýle-de, çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly çuň many-mazmunly kitaplarynda türkmen milli halyçylyk sungatynyň gadymy däplerini dünýä derejesinde wagyz etmekdäki ähmiýetiniň örän uludygy nygtaldy.
Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Gadymy Merw we Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň, Parfiýanyň Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň, “Görogly dessançylyk sungaty”, “Küştdepdi aýdym we tans dessury”, “Türkmen milli halyçylyk sungaty”, “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty”, “Türkmen keşdeçilik sungaty”, “Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri”, “Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi”, “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri”, “Türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri” ýaly gymmatlyklarymyz bolsa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini we dünýä derejesinde ykrar edilendigini nygtap geçdiler.
Baýramçylyk söhbetdeşliginde milli amaly-haşam sungatynyň, haly we haly önümleriniň sergisi guraldy. Söhbetdeşligiň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrundaky işlerini, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny, milli gymmatlyklarymyzy we türkmen halysyny wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.
Baýramçylyk söhbetdeşliginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar berkarar Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barmak, ýaşlar syýasatyny giňden dabaralandyrmak, ylym-bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyzy öwrenmek babatda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30