«Kerim Gurbannepesow – ussat şahyr» atly döredijilik maslahaty geçirildi
7Şu gün, 26-njy maýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesowyň döredijiligine bagyşlanyp «Kerim Gurbannepesow – ussat şahyr» atly döredijilik maslahaty geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli we müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek maksady bilen geçirilen döredijilik maslahatyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, döredijilik işgärleri, şahyryň nebereleri, uniwersitetiň professor-mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik maslahatynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan şöhratly taryhymyzy, akyldarlarymyzy, beýik söz ussatlarymyzy, ýazyjy-şahyrlarymyzy we olaryň miras galdyran ylmy-döredijilik dünýäsini öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin belläp geçdiler. XX asyryň görnükli şahyry, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Kerim Gurbannepesowyň eserlerinde ynsanyň halkyň, Watanyň öňündäki borçlaryna bolan wepadarlygy, ynsaby bilen oňa ygrarly bolmagy hakynda beýan edilýändigi, ynsanyň birek-birege bolan söýgüsi, maşgalanyň, jemgyýetiň berkligi ahlak hem wyždan kämilligi bilen sazlaşyp, Watan mukaddesligine çenli beýgelýändigi çykyşlarda öz beýanyny tapdy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň hormatly Prezidentimiziň beýik tutumly işlerini wasp edýän «Alkyş Size, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly aýdym, talyplar tarapyndan ýerine ýetirilen şahyr Kerim Gurbannepesowyň «Wesýetleri boýunça» goşgulary esasynda goýlan edebi-sazly kompozisiýa, şahyryň «Altyň biri», «Güller», «Gopuzly gyz», «Ýaşlyk dramasy» atly goşgulary we Kerim Gurbannepesowyň özüniň goşgularyny okamagyndaky wideoýazgy döredijilik maslahatyna gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Döredijilik maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň, alymlaryň monografiýalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň, şahyr Kerim Gurbannepesowyň dürli ýyllar neşir edilen kitaplarynyň sergisi guraldy.