Jemleýji döwlet synaglary başlandy

25

Şu gün, 1-nji iýundan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň gutardyş jemleýji döwlet synaglary başlandy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2025-2026-njy okuw ýylynda 30-dan gowrak hünär boýunça 1879 talyp jemleýji döwlet synaglaryna gatnaşýar.
Şu okuw ýylynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 21 sany jemleýji döwlet synagynyň topary hereket edip, olara başlyklyk edijiler Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň alymlaryndan, ylmy işgärlerinden hem-de ýurdumyzyň beýleki ministrlikleridir pudaklaýyn edaralarynyň hünärmenlerinden, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan ybaratdyr.
Garaşsyz Watanymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman türkmen jemgyýetine mynasyp ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Hususan-da, «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» we beýleki maksatnamalarda kesgitlenen wezpeleri durmuşa ornaşdyrmak bilen ýaşlaryň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň hakyky eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bilim almaga, ylym bilen meşgullanmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan edýärler.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30