Halkara maslahatyň işi bölümçelerde dowam etdi

19

Şu gün, 5-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilýän «Durnukly ösüşiň maksatlarynyň möhüm ugry: ekologiýa we howanyň üýtgemeginiň meseleleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň işi bölümçeleriň dördüsinde dowam etdi.
«Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde häzirki zaman bilimiň we ylmyň gazanan üstünlikleriniň orny», «Howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň we suw baýlyklaryny goramagyň häzirki zaman meseleleri», «Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmagyň innowasion usullary» hem-de «Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň häzirki zaman usullary we amaly ähmiýeti» atly bölümçelerde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň bellenilýän günlerinde ilatymyzyň sagdyn ýaşaýşa eýermek, ekologiýa taýdan arassa daşky gurşawda ýaşamak, tebigaty gorap saklamak bilen baglanyşykly durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm ugurlarynyň meseleleriniň çözgütleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bölümçeleriň işinde Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň, Daniýanyň, Yrak Respublikasynyň, Hindistanyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Mongoliýanyň, Belarus Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Ukrainanyň, Gruziýanyň professor-mugallymlarynyň, alymlarydyr hünärmenleriniň daşky gurşawy gorap saklamak, ýer-suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de biologiki dürlüligi häzirki zaman talaplaryna laýyklykda öwrenmek we olary gorap saklamagyň möhüm meseleleri baradaky ylmy nutuklary diňlenildi. Çykyşlarda daşary ýurtly professor-mugallymlar, alymlar we hünärmenler wekilçilik edýän ýurtlarynda bu ugurda alyp barýan işleri bilen baglanyşykly giňişleýin durup geçdiler.
Bölümçeleriň işine gatnaşyjylar ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň meseleleri boýunça kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşmaga hem giň mümkinçilik aldylar.
Professor-mugallymlar, alymlardyr hünärmenler halkara maslahatyň ýokary derejede geçirilendigini bellemek bilen, bu babatda döredip beren giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Günüň ikinji ýarymynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleýji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjy professor-mugallymlar, alymlar maslahatyň ýokary guramaçylykly geçirilendigini bellediler. Jemleýji mejlisde bölümçeleriň işine degişli hasabatlar hem diňlenildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleýji mejlisi bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalarynyň, şeýle hem ylmy nutuklarynyň ýygyndylarynyň, ylym-bilim ulgamynda, daşky gurşawy goramakda gazanylan üstünlikleriň sergisi guraldy.






Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30