«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany çykdy

17

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň durmuşyny, ylmy-döredijilik älemini we talyp ýaşlaryň gazanýan üstünliklerini yzygiderli şöhlelendirýän «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň nobatdaky täze sany okyjylara gowuşdy. Gazetiň nobatdaky sany özüniň mazmun baýlygy we täsirli materiallary bilen tapawutlanýar.
Gazetiň sahypalarynda ýokary okuw mekdebinde bolup geçen soňky täzelikler baradaky giňişleýin habarlar ýerleşdirildi. Şeýle-de neşirde uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň hem-de zehinli talyplarynyň dürli ylmy, hünär we jemgyýetçilik ugurlary boýunça ýazan makalalaryna giň orun berildi.
Ýokary okuw mekdebini tamamlaýan uçurymlaryň goşgulary bolsa okyjylarda aýratyn täsir galdyrar. Gazetiň sahypalarynda sport habarlaryna giň orun berlip, olaryň suratlar bilen baýlaşdyrylandygyny bellemek gerek.
Gazetiň täze sanyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30