Edebi we ylmy-döredijilik duşuşyk geçirildi

23

5-nji iýunda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde talyp ýaşlaryň we professor-mugallymlaryň gatnaşmagynda XX asyr azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili, Azerbaýjanyň ilkinji halk şahyry Samed Wurgunyň 120 ýyllyk ýubileýi mynasybetli edebi we ylmy-döredijilik duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň direktory, professor Kerim Tahirow, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputaty Hikmet Mämmedow hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň Nyzamy Genjewi adyndaky Edebiýat institutynyň baş ylmy kätibi, dosent Aýgün Bagyrly çykyş etdiler.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30