Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ekologiki çäreleriň çäklerinde sergi we maslahat geçirildi
255-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ÝUNESKO-nyň Bütindünýä bilimi ekologiýalaşdyrmak syýasatyny hem-de galyndysyz jemgyýeti ösdürmek boýunça döwlet syýasatymyzy wagyz etmek maksady bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Mili toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, BMG-niň Türkmenistandaky Ösüş Maksatnamasy, «Dizaýn Plus» milli döredijilik topary hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde gurnamagynda «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly ýurdumyzyň halypa we ýaş ekologlarynyň gatnaşmagynda geçiriljek ekologiki çäreleriň çäklerinde sergi we maslahat geçirildi.

