Wagyz-nesihat çäresi

30

Şu gün, 10-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk hem-de geografiýa fakultetleriniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Bitaraplyk — halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmagyň türkmen modeli» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Dabarada edilen çykyşlarda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde Bitaraplyk ýörelgeleri, halkara ekologiýa hukugy we Türkmenistanyň milli kanunçylygy barada giňişleýin durlup geçildi. Bilim-ylym ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan işler, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we ählumumy derejedäki ähmiýeti barada çykyşlarda buýsanç bilen nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalygyna kabul edilen mugallymlara we talyplara agzalyk şahadatnamalaryny gowşurmak dabarasy boldy. Talyplar tarapyndan ýerine ýetirilen «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan» atly edebi-çeper kompozisiýa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren «Eziz Watan», «Şadyýan gün», «Alkyş Size Arkadagly Gahryman Serdarymyz!» atly aýdymlary wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.




Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30