Ylmy-amaly maslahat

27

Şu gün, 19-njy iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Halkymyzyň milli medeniýeti we Magtymgulynyň edebi mirasy kämil nesli kemala getirmegiň baş çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa uniwersitetiň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, doktorantlar, aspirantlar, dalaşgärler, talyplar, şeýle-de ministrliklerdir pudaklaýyn edaralaryň hünärmenleri, ylmy-barlag edaralaryň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatyň işi umumy mejlisden we «Magtymgulynyň şygryýet dünýäsi — täze taryhy eýýamyň ruhy çeşmesi», «Türkmen halkynyň taryhy we medeniýetini öwrenmekde Magtymgulynyň eserleriniň ähmiýeti», «Magtymgulynyň berkarar döwletlilik taglymaty we milli demokratiýa bagtyýarlygyň baş binýadydyr», «Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň nazary hem-de amaly esaslary», «Innowasion tehnologiýalaryň ösdürilmeginde takyk ylymlaryň gazananlarynyň orny», «Täze tehnologiýalary döretmekde we önümçilige ornaşdyrmakda fizika ylmynyň orny», «Himiki tehnologiýalaryň kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň senagat önümçiligini ösdürmegiň esasy şertidir» we «Türkmenistanyň biodürlüligini öwrenmegiň we daşky gurşawy goramagyň ylmy-amaly esaslary» atly bölümleriň 8-sinden ybarat bolup, 320 çykyş meýilleşdirildi.
Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen medeniýetiň, sungatyň ösdürilmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu ýollaryň dowamat-dowam bolmagy, şeýle-de, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde köptaraplaýyn çemeleşmeler we bu ugurda ýerine ýetirilen ylmy işler, monografiýalar, kitaplardyr gollanmalar, akyldaryň golýazmalar toplumynyň halkara derejesindäki mynasyp orny barada giňişleýin durlup geçildi.
Çykyşlarda berkarar Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belent başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer häsiýetli döwlet syýasaty esasynda türkmen medeniýetini, Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, milli medeniýetimizi ylmy nukdaýnazardan öwrenilmäge giň mümkinçilikler döredilendigi, türkmen halky taryhyň dürli eýýamlarynda beýik-beýik döwletleri, ençeme ajaýyp eserleri döredip, adamzadyň ruhy hazynasynyň baýlaşmagyna uly goşant goşan halkdygy bellenildi.
Ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň, alymlaryň monografiýalarynyň, kitaplarynyň, gollanmalarynyň, milli amaly-haşam sungatymyzyň, ylym-bilim ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşlerini, şöhratly taryhymyzy, milli mirasymyzy beýan edýän taslamalaryň, talyplar tarapyndan taýýarlanylan işläp düzmeleriň sergisi guraldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30