Uniwersitetiň mugallymlary ERASMUS+ maksatnamasynyň çäginde geçirilen maslahata gatnaşdylar
56Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ekologiýa kafedrasynyň müdiri Ş.Aşyrmyradowa we şol kafedranyň mugallymy E.Perdäýew 22 – 26-njy iýun aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýada howa durnuklylygy we howpsuzlygy üçin suw pudagynda ýokary bilimi pugtalandyrmak» (HWCA) atly taslamanyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar.
Maslahat Almaty şäherindäki Gazak-Nemes uniwersitetiniň guramagynda Ýewropa Komissiýasynyň Brýussel şäherindäki Bilim, okatmagyň audiowizual serişdeleri we medeniýet baradaky ýerine ýetiriji agentliginiň (EACEA) ERASMUS+ maksatnamasynyň çäginde geçirildi.