Talyplar hünäri boýunça tomusky tejribeligini geçýärler

27

Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary okuw meýilnamasyna laýyklykda hünäri boýunça tomusky tejribeligini geçýärler.
Žurnalistika hünäriniň talyplary ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda tejribelikde bolup, alan bilimlerini tejribede berkidýärler. Tejribelige žurnalistika kafedrasynyň mugallymlary ýolbaşçylyk edýärler. Talyplar tejribeligiň barşynda gazet makalalarynyň taýýarlanylyşyny, korrektura işlerini, gyssagly habarlary ýazmagy ýerinde özleşdirýärler. Şeýle-de gazetiň ülňüsiniň taýýarlanylyşyny, makalalary ýerleşdirmegiň tertibini, ýerleşdirilýän makalalardyr habarlary açyp görkezjek suratlary saýlamagy öwrenýärler.
Tejribelik wagtynda talyplara redaksiýalarda zähmet çekýän halypa žurnalistler ýardam berýärler. Olar talyplara okuw döwründe alan bilimlerini iş şertlerinde ulanmaga, ýazan habarlarydyr makalalaryna syn bermäge ýakyndan ýardam berýärler. Şeýlelikde, talyplar tejribelik döwründe çap edilýän gazetleriň her bir sanynyň has täsirli we şowly çykmagyna ýakyndan goşant goşýarlar. Bu bolsa olaryň saýlap alan hünärlerine bolan söýgüsini we gyzyklanmasyny has-da artdyrýar.
Taryh fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary hünäri boýunça tomusky tejribeligini Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda geçýärler. Tejribelik döwründe talyplara uniwersitetiň Arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň tejibeli mugallymlary ýolbaşçylyk edýärler. Bu tejribelik talyplaryň diňe bir nazary bilimlerini çuňlaşdyrman, eýsem, geljekki hünärine bolan söýgüsini we ukyp-başarnyklaryny hem ösdürýär. Talyplar arheologik tapyndylary we taryhy resminamalary dogry hasaba almagyň, olaryň pasportyny düzmegiň we ylmy taýdan beýan etmegiň düzgünlerini öwrenýärler. Şeýle-de, gadymy gymmatlyklary, aýna, keramika, metal ýa-da kagyz önümlerini zaýalamazdan saklamagyň we olary dikeltmegiň başlangyç usullary bilen tanyşýarlar. Bulardan başga-da, muzeý gaznalarynda ylmy-derňew işlerini alyp barmagyň inçe syrlaryny we seresaplylyk kadalaryny özleşdirýärler.
Tejribelik wagtynda talyplar muzeý hünärmenleri bilen bilelikde sergileriň we ekspozisiýalaryň taslamasyny düzmäge gatnaşýarlar. Bu bolsa talyplaryň döredijilik we guramaçylyk ukyplaryny, taryhy maglumatlary yzygiderli hem-de gyzykly beýan etmek başarnyklaryny ösdürýär.
Talyplar muzeýe gelýän myhmanlar, şol sanda mekdep okuwçylary we syýahatçylar üçin ekskursiýalary guramaga kömek edýärler. Bu iş talyplaryň köpçüligiň öňünde çykyş etmek endiklerini kämilleşdirýär we jemgyýete taryhy hakykaty, medeni mirasy dogry ýetirmekdäki jogapkärçiligini artdyrýar.
Tejribeligi üstünlikli geçen talyplar geljekde saýlap alan hünärleriniň hakyky ussady bolmaga we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekip, ýurdumyzyň şanly taryhyny ýazmaga ýardam bermäge, baý taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamaga, şeýle hem ony geljek nesillere ýetirmäge saldamly goşant goşmaga taýýarlanýarlar.





Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30