«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň nobatdaky sany çykdy

10

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň durmuşyny, ylmy-döredijilik älemini hem-de talyp ýaşlaryň gazanýan üstünliklerini yzygiderli şöhlelendirýän «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany çykdy.
Gazetiň nobatdaky sanynda ýokary okuw mekdebinde çäginde we ondan daşarda bolup geçen soňky täzelikler barada habarlar ýerleşdirildi. Şeýle-de gazetde uniwersitetiň tejribeli mugallymlarynyň, uçurymlarynyň hem-de zehinli talyplarynyň dürli ylmy, hünär we jemgyýetçilik ugurlary boýunça ýazan makalalaryna-da giň orun berildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini dürli ýyllarda tamamlan ussat halypa şahyrlaryň goşgulary, şeýle-de, uniwersitetiň talybynyň daşary ýurt neşirinde çap bolan goşgulary okyjylarda uly gyzyklanma döreder.
Şolar bilen bir hatarda-da häzirki wagtda dowam edýän futbol boýunça Dünýä çempionatynyň täzelikleri, gyzykly maglumatlar ýerleşdirildi. Olaryň suratlar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa okyjylarda aýratyn täsir galdyrar.
Gazetiň täze sanyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.



Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30