«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy
32Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sany çykdy. Žurnalyň täze sanynda halkymyzyň taryhyna, türkmen we daşary ýurt dillerine hem-de edebiýatyna, filologiýanyň, tebigy we takyk ylymlaryň möhüm meselelerine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň usulyýetini döwrebap kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly makalalar ýerleşdirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-barlag işlerini işjeňleşdirmek we önümçilige ornaşdyrmak, häzirki zaman ylmynyň ýeten sepgitlerini we ylmy barlaglaryň netijelerini jemgyýetçilige ýetirmek, internet ulgamy arkaly giňden wagyz etmek hem-de elektron görnüşinde ýaýbaňlandyrmak maksady bilen döredildi.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlaryna», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň, magistrleriň, talyplaryň netijeli ylmy-barlag işlerini alyp barmaklary üçin giň mümkinçilikler we şertler döredilýär. Ylmy-barlag işleriniň netijelerini neşir arkaly ýaýbaňlandyrmak, ýaş alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ýaşlaryň ylym bilen meşgullanmaklaryna höwes döretmek hem-de olara goldaw bermek işlerine hem döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär.
«Ylmy barlaglar we innowasiýalar» ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman, Alym Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, ýurdumyzda ynsanperwer ylymlaryny ösdürmek bilen baglanyşykly, şol sanda milli medeni mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, türkmen we daşary ýurt dillerini hem-de edebiýatyny öwrenmäge, filologiýanyň möhüm meselelerine, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda okatmagyň usulyýetini döwrebap kämilleşdirmäge bagyşlanan ylmy-nazary, ylmy-amaly hem-de ylmy-usuly makalalar ýerleşdirilýär.
Pedagogikanyň, psihologiýanyň, jemgyýeti öwreniş we hukuk ylymlarynyň gazanan üstünlikleri, okatmagyň we terbiýelemegiň döwrebap usulyýeti barada taýýarlanylan makalalar hem elektron žurnalyň mazmunyny baýlaşdyrýar. Şeýle hem, elektron žurnalda ýurdumyzda ylmy we tehnologiýalary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, tebigy we takyk ugurly ylymlarda, sanly tehnologiýalary peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, nanotehnologiýalary, biotehnologiýalary, himiki tehnologiýalary, maglumat ulgamlaryny ösdürmäge, ýerli tebigy çig mal baýlyklaryndan ekologiýa taýdan arassa önümleri we täze materiallary öndürmäge degişli ylmy barlaglar arkaly alnan netijeler beýan edilýär.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň döredilmegi ýaşlary täze ylmy açyşlara, oýlap tapyşlara höweslendirdi.
Elektron žurnalyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çärýekde bir, ýylda dört gezek neşiri goýberilýär.
Ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň ikinji sanyny ŞU ÝERDEN ýükläp bilersiňiz.