Bilimler we talyp ýaşlar gününe bagyşlanan ylmy-amaly maslahat
3128-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmek syýasaty ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahatdaky çykyşlarda ýurdumyzda «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasynyň», bilim edaralarynyň işlerini kadalaşdyrýan hukuk namalaryň kabul edilmegi, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bilim edaralary gurlup ulanylmaga berilýändigi buýsanç bilen bellenilip geçildi.
Çykyşlarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde professor-mugallymlar tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen ylalaşyk esasynda ylmy-barlag işleriniň 20-ä golaýy alnyp barylýandygy, temalaryň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm meselelerini çözmäge, tebigy we takyk, durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmäge, bilim bermegiň nazaryýetini we usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen işlerdigi bellenildi. Şunda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen kabul edilen «Türkmenistanda ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Maksatnamasy», «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy», «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar Strategiýasy» we olary amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamalarynda kesgitlenen wezipelerden ugur alynýar.
Maslahatyň işi umumy bölümde we «Takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmekde innowasion tehnologiýalaryň orny», «Bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmeginde maglumat we emeli aň tehnologiýalarynyň orny», «Astronomiýa ylmynyň we nanotehnologiýanyň gazanan üstünlikleriniň ykdysadyýetiň pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti», «Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny ösdürmekde himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň orny», «Ýurdumyzda biologiýa baýlyklary goramakda we biotehnologiýany ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleri peýdalanmagyň usullary», «Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini gazanmakda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň orny», «Ýaşlara türkmen dilini we edebiýatyny ylmy esasda öwretmegiň möhüm meseleleri», «Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda iňlis dilini okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmeginiň ähmiýeti», «Talyplarda daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdrmekde öňdebaryjy tejribeleri peýdalanmagyň orny», «Ýurdumyzda ynsanperwer ylymlar ulgamynyň ösdürilmegi halkymyzyň taryhy-medeni mirasyny öwrenmegiň möhüm şertidir», «Täze taryhy döwürde ýurdumyzyň kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi we demokratik ýörelgeler» atly bölümçeleriň 11-sinde dowam etdirildi.
Olarda ýokary okuw mekdeplerdir ylmy-barlag institutlarynyň professor-mugallymlarynyň, alymlarynyň, ylym we bilim işgärleriniň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň hem-de talyplaryň çykyşlarynyň 440-dan gowragy meýilleşdirildi.
Ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalaryň, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine bagyşlanan taslamalaryň, mugallymlaryňdyr talyplaryň bilimde, ylymda hem-de sportda gazanan üstünlikleriniň, programma üpjünçiligi we işläp düzmeleriň sergisi guraldy.