Pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edilýär

52

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti aşakdaky hünärler boýunça 2026-2027-nji okuw ýylynda pedagogik işgärleri işe kabul etmek boýunça bäsleşik yglan edýär:

Rus dili we edebiýaty mugallymy – 1
Iňlis dili we edebiýaty mugallymy – 1

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň wezipeleri boýunça hünär derejesi babatda edilýän talaplar:
• Mugallymçylyk ugry boýunça hünärmen ýa-da magistr derejeli ýokary bilimi bolmaly.
• Ýokary okuw mekdebini tapawutlanan diploma ýa-da gowy bahalar bilen tamamlan bolmaly. (Pedagogik işgärleriň wezipe birligini eýelemäge dalaş edýäniň ortaça bahasy bahalandyrmagyň 5 bally ulgamynda azyndan 4,5; hasap birlikleriniň ulgamynda (kredit ulgamynda) 85 baldan az bolmaly däl)
• Mugallymçylyk işinde 3 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolmaly.
• Alymlyk ady ýa-da alymlyk derejesi bolan pedagogik işgärlere artykmaçlyk berilýär.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine işe kabul etmek boýunça yglan edilen bäsleşige gatnaşýan pedagogik işgärleriň tabşyrmaly resminamalarynyň sanawy:
• Rektoryň adyna ýazylan arza.
• Ýokary bilim hakyndaky diplomyň nusgasy.
• Hasap-synag sanawnamasyndan göçürmäniň nusgasy.
• Soňky iş ýerinden häsiýetnama.
• Şahsy iş kagyzy.
• Zähmet depderçäniň nusgasy.
• Pasportyň nusgasy.

Bäsleşigiň geçirilýän ýeriniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Bäsleşige arzalary kabul etmegiň möhleti: 28.08.2026ý. – 19.09.2026ý.
Bäsleşigiň geçirilýän senesi: 21.09.2026ý. – 24.09.2026ý.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30