Germaniýada geçirilen tomusky okuwlar
252026-njy ýylyň awgust aýynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň nemes dili we edebiýaty hem-de iňlis dili we edebiýaty hünärleriniň talyplary A.Gurbanowa, B.Çaryýewa we J.Söýünowa Germaniýanyň Akademiki alyş-çalyş gullugynyň (DAAD) guramagynda bu ýurduň Geýdelberg, Bremen we Gýote uniwersitetlerinde geçirilen tomusky okuwlaryna gatnaşdylar. Okuwlaryň dowamynda talyplar häzirki zaman tehnologiýalary – emeli aňyň üsti bilen nemes dilini özleşdirmek ugrunda tejribe alyşdylar, nemes dilindäki edebiýatlar, Germaniýanyň taryhy, medeniýeti bilen has-da giňişleýin tanyşdylar.

