Hoşallyk maslahaty
144Şu gün, 4-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna, ýaşlaryň döwletiň, jemgyýetiň, ata-enäniň we maşgalanyň öňündäki mukaddes borçlaryna bagyşlanan umumy okuw sapagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, professor-mugallymlaryň öňünde geçiren çuň manyly umumy okuw sapagynyň nusgalykdygyny buýsanç bilen bellediler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýyly şanly ösüşlere, taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigini sahawatly güýzüň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçen möhüm taryhy wakalar aýdyň görkezýär.
Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk ösüş döwrüniň aýratynlyklaryny örän çuňňur hem aýdyňlyk bilen açyp görkezendigine üns çekdiler. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz agzybirligi we jebisligini baýdak edinip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna uly ynam bilen barýar. Gahryman Arkadagymyz Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan beýik üstünliklerini dowam etmekde ýaşlara uly ornuň degişlidigini nygtamak bilen, ýaş nesliň edep-terbiýesi, maşgala gymmatlyklary, milli miras, beýik şahsyýetlerimiz barada giňişleýin durup geçdi.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň geljekde berkarar döwletimiziň ykbalyny kesgitlejek ýaş nesilleriň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ylymly-bilimli, ýokary medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolmalydygy barada aýdanlary umumy okuw sapagyna gatnaşanlaryň göwnüni galkyndyran buýsançly waka boldy. Alym Arkadagymyzyň çykyşynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň, häzirki zaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň atlarynyň tutulmagy ýaşlarda çuňňur watançylyk hem-de ynsanperwerlik duýgularyny döretdi.
Hoşallyk maslahatyň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Garaşsyz Watanymyzy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi.
Maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň bilim, ylym, taslama bäsleşiklerinde, olimpiadalarynda we sportda gazanan üstünlikleriniň sergisi guraldy.
Hoşallyk maslahatyna gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.