«Ene mukaddesdir, Watan — keramat, Arkadaga alkyşlarymyz dowamat» atly çäre geçirildi
117Şu gün, 5-nji sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ilkinjii zenanlar guramasy tarapyndan «Ene mukaddesdir, Watan — keramat, Arkadaga alkyşlarymyz dowamat» atly çäre geçirildi. Çäre Gahryman Arkadagymyzyň 2-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, maşgala mukaddesligini, edep-terbiýäni, ene-mamalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, kämil ýaş nesli kemala getirmek maksady bilen ýaýbaňlandyryldy.
Duşuşykda çykyş eden zenan professor-mugallymlar we talyp gyzlar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren okuw sapagynyň taryhy ähmiýetini bellediler. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistan Watanymyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň hem-de mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde bu taryhy umumy okuw sapagynyň gymmaty açylyp, ýaş nesilleri asyrlaryň we döwürleriň özara baglanyşygy esasynda häzirki täze taryhy döwre mynasyp ýaşlar bolup kemala gelmeginde mynasyp orna eýe bolup durýandygy beýan edildi.
Çäre bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň okuw binasynyň eýwanynda guralan türkmeniň ak öýüniň aramy, milli egin-eşikleriniň, şaý-sepleriniň, haly önümleriniň sergisi oňa gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.