Russiýa Federasiýasynyň A.S.Puşkin adyndaky Rus dili döwlet institutyndan Minnetdarlyk haty gelip gowuşdy

19

2026-njy ýylyň 26-njy iýulynda Russiýa Federasiýasynyň A.S.Puşkin adyndaky Rus dili döwlet instituty tarapyndan “Лето с Пушкиным” (Pushkin Camp) atly daşary ýurtly zehinli talyplar üçin onlaýn görnüşinde halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşige 28 döwletiň, ýagny Malaýziýanyň, Indoneziýanyň, Wýetnamyň, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikalarynyň we beýleki ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden 786 talyp, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça 20 talyp, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rus dili we edebiýaty kafedrasynyň mugallymy Jennet Şamyýewanyň ýolbaşçylygynda bäsleşige gatnaşan rus dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby Güljemal Magtymowna Sädiýewa ýeňiji diýlip yglan edildi.
Şunuň bilen baglylykda, G.Sädiýewa 2026-njy ýylyň 23-nji awgusty - 5-nji sentýabry aralygynda Moskwa şäherinde ýerleşýän A.S.Puşkin adyndaky Rus dili döwlet institutynda “Daşary ýurtly zehinli talyplar üçin geçirilen “Puşkin bilen tomus” atly dil okuw türgenleşik okuwyna gatnaşdy.
Okuwyň netijeleri boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine A.S.Puşkin adyndaky Rus dili döwlet institutynyň rektory N.W.Gusewiň adyndan Minnetdarlyk haty gelip gowuşdy. Hatda uniwersitetimiziň rus dili we edebiýaty hünäriniň 2-nji ýyl talyby G.Sädiýewanyň bilim derejesine uly baha berilýär.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30