Hünär kämilleşdiriliş okuwlary
5329-njy sentýabrda “Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Häzirki zaman dilleri Milli uniwersitetiniň (Päkistan Yslam Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň” çäklerinde Päkistanyň bu hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlarynyň alyp barmagynda Innowasion tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk boýunça wideoaragatnaşyk arkaly hünär kämilleşdiriliş okuwlary geçirildi.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen hünär kämilleşdiriliş okuwlarynda “Emeli intellekte esaslanan şahsylaşdyrylan bilim”, “Ykjam programma üpjünçiligini testirlemekde öňdebaryjy usullar”, “Torda kiberhowpsuzlygynyň dünýä tejribeleri” we “Robot tehnologiýalarynyň ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ulanylyşy” ýaly temalar boýunça pakistanly professor-mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi.
Okuwlaryň ahyrynda sorag-jogaplar alyşyldy we gatnaşyjylara sertifikatlar gowşuryldy.