Ylmy-taslama bäsleşigi
315-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň kafedralarynda hereket edýän ylmy gurnaklarynyň, ýaş mugallymlarynyň, aspirantlarynyň, magistrleriniň hem-de talyplarynyň arasynda ylmy-taslama bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige ylmy gurnaklar, ýaş mugallymlar we talyplar tarapyndan taýýarlanan dürli maketleriň, programma üpjünçilikleriniň, önümleriň, web-sahypalaryň, 3D animasiýalaryň, enjamlaryň, abzallaryň 85-den gowragy hödürlenildi.
Ylmy-taslama bäsleşiginiň açylyş dabarasynda uniwersitetiň ýolbaşçylary we professor-mugallymlary gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Bäsleşigiň ýeňijileri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Diplomlary, Hormat hatlary we uniwersitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylýar. Ylmy-taslama işleriň önümçilige ornaşdyrylmaga mynasyp bolanlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyna oýlap tapyşyň çäklendirilen patentini almak üçin hödürlenilýär.
Bäsleşik bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, professor-mugallymlaryň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalarynyň sergisi guraldy. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylary tarapyndan ýerine ýetirilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny wasp edýän aýdymlar dabara özboluşly öwüşgin berdi.