Talybymyz halkara diktant bäsleşiginiň ýeňijisi
53Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh hünäriniň V ýyl talyby Zyýada Ýusubowa Russiýa Federasiýasynyň “Magaryf” (Просвещение) ylmy-döredijilik jemgyýetçiligi tarapyndan guralan “Bilimler ekoulgamy – 2026” atly ekologiýa boýunça halkara diktant bäsleşigine gatnaşyp (ylmy ýolbaşçysy - Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň uly mugallymy T.Sahydow), ýeňiji diýlip yglan edildi we I derejeli Diploma mynasyp boldy.