Meşhur arheolog alym Hemra Ýusupowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanan ylmy duşuşyk geçirildi

116

Şu gün, 20-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde meşhur türkmen arheolog alymy, taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri Hemra Ýusupowyň doglan gününiň 90 ýyllygyna bagyşlanan ylmy duşuşyk geçirildi. Çäräniň esasy maksady alymyň Türkmenistanyň arheologiýa ylmynyň ösüşine goşan goşandyny açyp görkezmek, şeýle hem ýaş nesilde milli taryhy-medeni mirasa bolan gyzyklanmany artdyrmakdan ybarat boldy.
Duşuşyga Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň arheologiýa we etnologiýa kafedrasynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Hemra Ýusupowyň ömür ýoly, ylmy döredijiligi, Türkmenistanyň arheologiýa ylmynyň ösüşine goşan goşandy, gadymy Horezmiň we Uzboý sebitiniň taryhy-arheologik ýadygärliklerini öwrenmekde bitiren işleri barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem alymyň halypalyk mekdebine, ýaş nesli ylmy gözleglere höweslendirmekdäki hyzmatlary aýdyldy.
Çäräniň dowamynda alymyň terjimehalyny we ylmy mirasyny açyp görkezýän prezentasiýa görkezildi. Gatnaşyjylar Hemra Ýusupowyň ylmy mirasynyň türkmen taryhyny we medeni mirasyny öwrenmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Ylmy duşuşyk görnükli alymyň ömrüne we ylmy hyzmatlaryna hormat goýmak, onuň mirasyny ýaş nesle ýetirmek hem-de halypa-şägirtlik däplerini dowam etdirmek babatda ähmiýetli boldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30