«Türkmeniň buýsanjy» atly goşga bagyşlanan okuw maslahaty

16

22-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň ylmy kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgusy — kämil nesli kemala getirmekde taryhy-edebi çeşme» atly okuw maslahaty geçirildi.
Maslahatdaky çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen şöhratly taryhymyza mynasyp orna eýe bolan maddy, medeni we ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzyň häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ýaş nesli kemala getirmekde uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi. Şeýle hem çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze şahyrana eserini – «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgusyny türkmen halkyna sowgat bermegi baýramçylyk ruhuny goşalandyrandygy bellenildi.
Maslahatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmen buýsanjy» atly goşgusynyň many-mazmunynyň, milli buýsanç terbiýesindäki ornuny we çeperçilik aýratynlyklarynyň ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti barada giňişleýin nygtaldy.
Maslahat bilen ugurdaş Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň, monografiýalarynyň we taslama işleriň sergisi guraldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30