Talyplaryň arasynda dersler boýunça zehin bäsleşigi geçirilýär

16

27 — 30-njy oktýabr aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda okuw dersleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry geçirilýär. Bäsleşik zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de talyplaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, hünärmenleri taýýarlamagyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen guralýar.
Zehin bäsleşikleri «Türkmenistanyň taryhy», «Türkmen dili we edebiýaty», «Iňlis dili», «Rus dili we edebiýaty», «Matematika», «Fizika», «Himiýa», «Biologiýa», «Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary», «Nazary mehanika», «Ekologiýa we daşky gurşawy goramak» ýaly dersleri boýunça geçirilýär.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30