Dabaraly medeni çäre

43

28-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasy tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgusynyň many-mazmunyny, milli buýsanç terbiýesindäki ornuny we çeperçilik aýratynlyklaryny ýaş nesle düşündirmek hem-de wagyz-nesihat etmek maksady bilen «Owazasy ýedi yklyma ýaýran,//Beýik sungatyňa giň dünýä haýran...» atly medeni çäre geçirildi.
Medeni çärede Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň zenan professor-mugallymlary çykyş edip, müňýyllyklardan gelip ýeten türkmen zenanlarynyň el işleriniň häsiýetli aýratynlyklary, milli el işleriniň terbiýeçilik ähmiýeti, däp-dessurlar, keşdeler we olaryň görnüşleri hem-de olarda milli ruhuň beýany, el işleriniň nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, olarda ruhy-ahlak garaýyşlary kämilleşdirmekde mynasyp orny barada nygtadylar.
Çäräniň dowamynda kürte, alaja, tahýa, keşdeler, türkmen halysy we haly, keçe önümleri hem-de milli amaly-haşam sungatynyň şaý-sepleri, milli lybaslary barada taryhy taýdan ylmy maglumatlara baý bolan täsirli gürrüňler edildi.
Medeni çäre bilen ugurdaş türkmen gelin-gyzlarynyň el işleriniň, milli lybaslaryň, şaý-sepleriň sergisi guraldy.
Medeni çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary tarapyndan hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň buýsanjy» atly goşgusy esasynda edebi kompozisiýa, «Eý, daragym batlan» tansy ýerine ýetirilip, «Halyçy gözel» atly aýdym ýaňlandy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30