«Bilermenler» zehin bäsleşigi geçirildi

29

30-njy oktýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hukuk öwreniş hünärinden beýleki hünärlerinde okaýan talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň halkara başlangyçlary: sebit durnuklylygynyň we abadançylygynyň girewi» ady bilen «Bilermenler» zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2028-nji ýyl – Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli guraldy.
«Bilermenler» zehin bäsleşigine gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna üç tapgyrda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynanyşmak ugrunda alyp barýan parasatly syýasatlary, dünýä ýüzünde ählumumy abadançylygy gazanmak ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleri, öňe sürýän oňyn başlangyçlary, hemişelik Bitaraplygymyzyň halkara giňişlikdäki möhüm orny bilen baglanyşykly sowallar berildi. Zehin bäsleşiginde berilýän sowallar talyplaryň diňe bir bilim, ylym, bu ugurda düşünjelilik derejesini kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem olaryň çalasynlyk, üşüklilik taýdan ukyp-başarnyklylygyny ýüze çykarmakda ähmiýetli bolup durýar.
«Bilermenler» zehin bäsleşiginde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň I, II we III orunlara eýe bolan ýeňiji toparlaryna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Diplomlary we uniwersitetiň ilkinji ýaşlar guramasynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30