Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
17Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi, Türkmenistanyň Müftüligi, Türkmenistanyn Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan «Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyndan» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we onuň many-mazmunyny ýaşlara düşündirmek, ýaşlaryň arasynda ýüze çykyp biljek kanun bozulmalaryň, adam söwdasynyň, nika bozulmalarynyň we öz janyna kast etmek ýaly hereketleriň öňüni almak, milli kanunçylygy, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň, ýangyn howply ýagdaýlaryň öňüniň alynmagynyň ähmiýetini düşündirmek, ýaşlaryň durmuş goraglylygyny, psihologik goldaw hyzmatlaryna elýeterliligini, olaryň migrasiýa boýunça sowatlylygyny gazanmak, ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän milli we halkara derejesindäki medeni-köpçülikleýin çäreleriniň asuda ýagdaýda geçirilmegini gazanmak, şeýle hem ösüp gelýän ýaş nesilde watansöýüjilik, ruhy-ahlak duýgularyny kämilleşdirmek, milli gymmatlyklarymyza belent hormat goýmak, maşgala mukaddesligini gorap saklamak, päk zähmete ygrarlylyk sypatlaryny kemala getirmek we olaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyza uly buýsanç, çäksiz söýgi hem-de wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda zähmet çekýän ýaşlaryň, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplaryň, umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçiriljek wagyz-nesihat çäreleriniň Meýilnamasyna laýyklykda, wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Müftüliginiň, Türkmenistanyn Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri çykyş edip, olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde durmuşa geçirýän özgertmeleri, «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar Strategiýasyna», «Türkmenistanyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyna» we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna laýyklykda, ýaşlar syýasatynyň dabaralanyşy, bu ugurda alnyp barylýan işler döwletiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygy bellenildi. Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly – dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynda, Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda, ylmy işlerinde, eserlerinde ýaşlaryň türkmen döwletini mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik we medeni-ynsanperwer ugurlaryndaky ornunyň uludygy bellenilip geçildi. 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň mübärek Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň häzirki zaman türkmen jemgyýeti üçin mynasyp ýaş nesli kemala getirmekdäki orny, olary watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda ýaş nesli terbiýelemekdäki ähmiýeti çykyşlarda nygtaldy. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan türkmen jemgyýetiniň her bir raýatynyň sagdyn bolup kemala gelmegi üçin kabul edilýän maksatnamalaryň, strategiýalaryň ähmiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary düşündirmek, adam söwdasy, milli we halkara derejesindäki medeni-köpçülikleýin çäreleri geçirmekde berjaý edilmeli tertip-düzgün, nika bozulmalarynyň öňüni almak, maşgala mukaddesligi, jemgyýetçilik tertip-düzgüni berjaý etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty hem-de kanun bozulmalarynyň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň täsirleri, hadysalaryň netijeleri, ýangyn howply ýagdaýlaryň döremek howpy, sagdyn durmuş we milli ruhy-ahlak ýörelgeleri dogrusynda çykyş etdiler.
Wagyz-nesihat çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar tarapyndan ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny dabaralandyryp, milli däp-dessurlarymyza, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyza hormaty, ýaş nesli kämillik ruhunda terbiýelemek, ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri beýan edildi.