1-nji ýyl talyplaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirilýär

20

26-njy oktýabrdan 8-nji noýabr aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyplarynyň arasynda «Galkynyşly Diýarymyza waspymyz, gül Watanyň, şu milletiň nesli biz» atly döredijilik bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşik Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli ata Watanymyzy wasp etmek, talyp ýaşlaryň aýdym-saz we tans sungaty, halk döredijiliginiň nusgalary boýunça zehin başarnyklaryny açyp görkezmek, bu ugurda zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen guralýar.
Çykyşlarda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen bagly edebi-sazly kompozisiýa, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym ýerine ýetirilýär. Şeýle hem talyplar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen halk aýdymy, talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş, talyp durmuşyndan degişme sahnasy bolýar. Halk döredijiliginiň eserlerinden ýerine ýetirilen parçalar, şygyrlary çeper okaýyş, meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek, saz astynda tansly çykyşlar oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrýar.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30