Uniwersitetimiziň talyplary Indoneziýada fizika boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldular

46

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 4 — 9-njy noýabr aralygynda Indoneziýanyň Bali şäherinde geçirilen «Bütindünýä ýaş fizikleriň olimpiadasy — 2026» atly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda fizika dersi boýunça geçirilen bäsleşikde medallaryň 5-sini (2 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç), şonuň ýaly-da, Baş baýraga mynasyp boldular.
Bäsleşigiň netijesi boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň radiofizika we elektronika hünäriniň talyby Musa Artykow altyn medala, şeýle-de, Baş baýraga, şol hünäriň talyby Kadyrberdi Ýazdurdyýew altyn medala, radiofizika we elektronika hünäriniň talyplary Dawut Alybaýew hem-de Arslan Jumaýew kümüş medallara, radiofizika we elektronika hünäriniň talyby Emir Tuwakow bürünç medala mynasyp boldular.
Uniwersitetiň nazary we eksperimental fizika kafedrasynyň mugallymy Allamyrat Amanmädowyň ýolbaşçylygynda talyplarymyzyň gazanan bu ajaýyp üstünligi Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.
Bäsleşige Türkmenistanyň, Wýetnamyň, Gwatemalanyň, Indoneziýanyň, Filippinleriň, Malaýziýanyň, Meksikanyň, Rumyniýanyň, Mýanmanyň, Taýlandyň we Gazagystan Respublikasynyň 41 sany ýokary okuw mekdebinden 200-e golaý talyp gatnaşdy.


Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30