«Dünýä taryhyny okatmagyň häzirki zaman meseleleri we ýörelgeleri» atly ylmy-usuly maslahat
152026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň dünýä taryhy kafedrasynyň guramagynda «Dünýä taryhyny okatmagyň häzirki zaman meseleleri we ýörelgeleri» atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.
Maslahatyň dowamynda dünýä taryhyny okatmakda taryhy çeşmelerden we kartalardan peýdalanmagyň, döwrebap pedagogik hem-de interaktiw usullary ulanmagyň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem emeli añ tehnologiýalarynyň, elektron maglumat çeşmeleriniň we multimediýa serişdeleriniň okuw işindäki mümkinçiliklerine garaldy.
Maslahat okuw-usulyýet işini kämilleşdirmek, milli pedagogik mirasy ýaýratmak we talyplaryň taryhy maglumatlary seljermek hem-de özbaşdak pikirlenmek başarnyklaryny ösdürmek babatda professor-mugallymlaryň özara tejribe alyşmagynda hem ähmiýetli boldy.