Uzak aralykdan (wideoşekilli) okuw sapagy geçirildi

612

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Russiýa Federasiýasynyň I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda 2021-nji ýylyň 8-nji iýunynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirilip, onda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen tejribe alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt taryhy we medeniýeti kafedrasynyň dosenti, taryh ylymlarynyň kandidaty R.Idrisow tarapyndan “Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly tema boýunça uzak aralykdan (wideoşekilli) okuw sapagy geçirildi.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30