“Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty” atly halkara maslahat geçirildi
638Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda 2021-nji ýylyň 26-njy iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň Garaşsyz döwletlilik taglymaty” atly halkara maslahat geçirildi.
Halkara maslahatyň umumy mejlisi uniwersitetiň baş okuw binasynyň mejlisler jaýynda geçirilip, onda maksatnama laýyklykda meýilleşdirilen daşary ýurtly we türkmen alymlarynyň çykyşlary diňlenildi.
Maslahat dört bölümden ybarat bolup, onuň birinji we ikinji bölümleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, üçünji bölümi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, dördünji bölümi Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilip, olarda 220-den gowrak ylmy çykyş edildi.
Halkara maslahatyň “Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletini esaslandyryjy Lider” atly birinji bölüminiň işinde jemi 61 çykyş meýilleşdirilip, uzak aralykdan wideoaragatnaşyk arkaly Türkiýe Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, şeýle hem ýurdumyzyň tanymal alymlarynyň we professor-mugallymlarynyň nutuklary diňlenildi.

“Magtymguly Pyragynyň şygryýeti – ylham çeşmesi” atly ikinji bölümiň işi hem uniwersitetiň himiýa fakultetiniň okuw binasynda geçirildi. Maksatnama laýyklykda jemi 58 çykyş meýilleşdirildi. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata Ukraina, Hindistan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan, Gazagystan, Türkiýe ýaly döwletlerden daşary ýurtly alymlar we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri gatnaşdy.
Çykyşlarda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim, durmuş-ykdysady, syýasy, medeni ulgamlarynda amala aşyrylýan beýik ösüşler, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan şöhratly taryhymyzy, meşhur şahsyýetlerimizi, şol sanda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmek ugrunda alnyp barylýan tutumly işler beýan edildi. Şeýle hem Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň aýratynlyklary, onuň umumadamzat üçin kämilligiň ýol-ýörelgesi hökmünde hyzmat etmegi, beýik söz ussadynyň agzybirlik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, filosofiki garaýyşlaryny köptaraplaýyn öwrenmekde halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti barada nygtaldy.
Halkara maslahatyna gatnaşyjylar Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmekde we ony dünýä ýaýmakda alyp barýan asylly işleri üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalaryna çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.