“Ýaşulularyň ömür ýoly mekdepdir – öwütleri nesillere edepdir” atly aýdym-sazly dabara geçirildi

554

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara gününe bagyşlap “Ýaşulularyň ömür ýoly mekdepdir – öwütleri nesillere edepdir” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. 
Aýdym-sazly dabarada çykyş eden professor-mugallymlar we hünärmenler  Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen türkmen halkynyň asyrlarboýy mukaddeslige deňelen däp-dessurlarynyň, milli ýol-ýörelgeleriniň döwlet derejesinde sarpalanyp gelinýändigini, şol sanda Ýaşulular halkara gününiň döwlet derejesinde baýramçylyk edilip bellenilýändigini uly buýsanç bilen aýtdylar.
Dabarada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdym-saz topary tarapyndan ata Watanymyzy, Hormatly Prezidentimizi, milli mirasymyzy, ýaşululary wasp edýän “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany”, “Arkadaga şöhrat”, “Garrylar gerek” aýdymlar ýerine ýetirildi we sazlar ýaňlandy.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30