Wideoaragatnaşyk arkaly ylmy maslahat
694Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim ulgamynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleri durmuşa geçirmek babatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde dünýäniň öňdebaryjy ylmy merkezleri, bilim edaralary, ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Ylym-bilim babatynda halkara hyzmatdaşlygyny döwrebap ösdürmek maksady bilen, "Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Täjik milli uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Şertnamanyň" çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Täjik milli uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda "Türkmen-täjik edebi gatnaşyklarynyň taryhy we häzirki döwürde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri" atly wideoaragatnaşyk arkaly ylmy maslahat geçirildi.