Okuw maslahaty geçirildi
474Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň guramagynda 2021-nji ýylyň 15-nji noýabrynda “Ýerli derejede ýokary hilli inklýuziw durmuş hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny kämilleşdirmek” atly bilelikdäki Maksatnamanyň çäklerinde durmuş işleriň esaslary boýunça ikinji okuw maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinden psihologiýa kafedrasynyň mugallymy S.Geldiýewa we pedagogika kafedrasynyň mugallymy A.Saparowa gatnaşdylar.