Uniwersitetde 2021-nji ýylda gazanylan üstünliklere bagyşlanyp geçirilen dabaraly çäre
10312021-nji – “Türkmenistan – parahatçylyk we ynanyşmagyň Watany” ýyly ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem bilim, ylym işlerinde, dürli derejedäki döredijilik bäsleşiklerinde we sportda uly üstünliklere beslenen ýylyň biri boldy.
Ýurdumyzyň bu baýry ýokary okuw mekdebinde “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Hormatly Prezidentimiziň Kararlary bilen tassyklanan “Döwlet ýokary bilimi edaralary hakynda Düzgünnama”, “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna”, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna”, “Türkmenistanyň 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, bilim bermekligiň häzirki zaman usullary, okatmagyň halkara tejribesi, ylmy garaýyşlary kämilleşdirmegiň ugurlary boýunça bilim-terbiýeçilik we ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Berkarar Watanymyzda Hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň çäklerinde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maddy-enjamlaýyn binadyny berkidip bermegi bilen döwrebap okuw binalarynda, tejribehanalarynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, talyp ýaşlaryň okuw-usuly, ylmy-usuly endiklerini kämilleşdirmek, ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak bilen ýokary derejeli hünärmenler taýýarlanylýar, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerýän ýaş nesil kemala getirilýär. Uniwersitetiň döwrebap sport toplumlarynda we meýdançalarynda talyplaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 16-njy iýunynda geçirilen talyplaryň arasynda ders bäsleşiginiň Döwlet tapgyrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary gowy netije görkezdiler. Bu bäsleşige 9 ders boýunça gatnaşan 27 talybyň 26-sy baýrakly orunlary eýelemegi başardylar, ýagny talyplaryň 15-si I orny, 7-si II orny, 4-si III orny we umumy toparlaýyn I orny eýelediler.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan 2021-nji ýylda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşikde uniwersitetiň mugallymlary we talyplary baýrakly orunlaryň 4-sine, ýagny 2 sany I orna, 1 sany II orna, 1 sany III orna mynasyp boldular.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan gurnalyp, ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilen “Sanly innowasiýalar” atly bäsleşiginde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Web taslama-2021” atly bäsleşiginde, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezi tarapyndan Ylymlar güni mynasybetli geçirilen “Ylymly ýaşlar berkararlygyň binýady” atly ylmy taslamalaryň Sergi bäsleşiginde, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan “Sanly çözgüt-2021” atly innowasion taslamalaryň bäsleşiginde jemi 9 orna, şol sanda 1 sany I orna, 6 sany II orna, 2 sany III orna we Hormat hatlaryna mynasyp boldular.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary 2021-nji ýylda halkara we döwlet derejesinde geçirilen ders, ylmy we taslama bäsleşiklerinde, olimpiadalarynda baýrakly orunlara mynasyp boldular. Uniwersitetiň talyplary Russiýa Federasiýasynda, Polşa döwletinde, Gazagystan Respublikasynda, Belarus Respublikasynda, Ysraýyl döwletinde, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda we beýleki geçirilen halkara internet olimpiadalarynda jemi 43 medala, şol sanda altyn medallaryň 10-syna, kümüş medallaryň 11-sine, bürünç medallaryň 22-sine, diplomlaryň 105-sine mynasyp boldular.
2021-nji ýylda uniwersitetiň talyplarynyň 3-si Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldular.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan yglan edilen “Talyp gözeli – 2021” gözellik bäsleşiginde uniwersitetiň talyp gyzy Baş baýraga, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan 2021-nji ýylda yglan edilen “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” bäsleşiginde uniwersitetiň talyp oglany 1-nji orna mynasyp boldular.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary Mähriban Arkadagymyzyň özleri üçin edýän çäksiz aladalary, dünýä derejesinde ylym öwrenmekde, döwrebap bilim almakda döredilýän giň mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirýärler.