Ylmy-amaly maslahat

556

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy”, “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Ylmy-amaly maslahata daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş kitap we amaly-haşam sungatynyň sergisi, aýdym-sazly çykyşlar guraldy. 
“Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy”, “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli geçirilen ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Gahryman Arkadagymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30