“Geçmişden janly ýadygär – merdana türkmen alabaýlary”
591Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda “Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy” atly halkara ylmy-amaly maslahatyň “Geçmişden janly ýadygär – merdana türkmen alabaýlary” atly üçünji bölümi geçirildi.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň üçünji bölüminiň işine Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň professor-mugallymlary, hünärmenleri, talyplary we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar hem-de Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary, ylmy işgärleri gatnaşdylar.