Ylmy-döredijilik duşuşygy
850Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakulteti, ylmy kitaphanasy we ylym bölümi tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň doglan gününiň 95 ýyllygy mynasybetli ylmy-döredijilik duşuşygy geçirildi.
Ylmy-döredijilik duşuşygy Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Maksatnamasyna” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda geçirilip, oňa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyplary bilen birlikde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, ylmy işgärleri hem gatnaşdylar.