Talyp ýaşlar “Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegi” atly ylmy bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler
67212-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş alymlarynyň arasynda “Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegi” atly ylmy bäsleşik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny ösdürmek, türkmen ýaşlaryny ylym we döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şol maksat bilen hem ýaşlaryň arasynda dürli ylmy bäsleşikleri yzygiderli geçirilip durulýar. Şolaryň hatarynda “Ylymly ýaşlar döwletimiziň geljegi” atly ylmy bäsleşik bolup, ol ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylmy-döredijilik ukybyny mälim etdi. Bu bäsleşigiň maksady ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, olary ylym we döredijilik işlerine ruhlandyrmakdan ybarat. Bäsleşikde ýaş alymlar oba hojalygy we daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly dürli ugurlara degişli ýerine ýetirýän ylmy taslama işleri boýunça çykyş etdiler.
Ähli ýokary okuw mekdepleri bilen bir hatarda bu bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar topary hem işjeň gatnaşdy. Öz taýýarlan ylmy işleri bilen tapawutlanyp, radiofizika we elektronika hünäriniň 5-nji ýyl talyby D.Gurbangulyýew “Kagyz galyndylaryny gaýtadan işlemek we ondan agaja kybapdaş gat material almak” atly ylmy taslamasy bilen 1-nji orna mynasyp boldy. Bäsleşikde uniwersitetiň biologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyplary A.Begmyradowa hem-de G.Saparowa “Sanly tehnologiýa enjamlarynyň üsti bilen oba hojalyk ekinlerini we mallaryny seljermek” atly taslama işi (maket) bilen “Iň gowy çykyş” atly baýrakly orna mynasyp boldular.
Gülnar GELDIMYRADOWA,
žurnalistika hünäriniň 3-nji ýyl talyby.