Himiýa dersi boýunça Halkara internet olimpiadasy geçirildi
172117-nji noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň yglan eden himiýa dersi boýunça Halkara internet olimpiadasynyň jemi jemlendi.
Halkara derejesinde guralan internet olimpiadasyna dünýäniň köpsanly ýurtlaryndan, ýagny Russiýa Federasiýasy, Hytaý Halk Respublikasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Ispaniýa Patyşalygy, Birleşen Arap Emirlikleri, Italiýa, Gazagystan, Türkiýe Respublikasy, Ermenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Belarus, Täjigistan, Koreýa Respublikasy, Awstriýa, Rumyniýa, Malaýziýa, Ukraina, Wengriýa hem-de beýleki döwletlerden jemi 66 sany ýokary okuw mekdebiň 230 sany talyby, şeýle-de Türkmenistandan 14 sany ýokary okuw mekdebinden 94 talyp gatnaşyjy hökmünde hasaba alyndy.
Himiýa dersi boýunça Halkara internet olimpiadasyna ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynyň wekilleri bilen birlikde, daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinden M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň fiziki himiýa kafedrasynyň dosenti Oksana Ryžowa, Italiýanyň Rim şäheriniň Tor Wergata uniwersitetiniň doktoranty Eziz Naryýew, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherindäki Humboldt uniwersitetiniň Himiýa institutynyň doktoranty Saparmyrat Annamädow dagy eminlik etdiler.
Bäsleşikde ýekeleýin hem-de toparlaýyn tertipde ýeňiş gazanan gatnaşyjylar eminler tarapyndan berlen ballar boýunça kesgitlenildi. Halkara bäsleşige ýurdumyzyň birnäçe ýokary mekdebinden gatnaşan talyplar iki dereje boýunça hem baýrakly orunlara mynasyp boldular.