ÝYLYŇ ŞYGARYNY DABARALANDYRDY
711Bu günler ýurdumyzyň çar künjegi toýdur baýramlara beslenýär. Täze ýylyň şygaryna bolan buýsanç duýgulary türkmenistanlylaryň kalbynda ýaşaýar. Maksat-myratlaryna ganat berip, her bir ädimlerinde ruhy galkynyş döredýär.
Şu gün – 10-njy ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky komitetiniň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar – ykbaldan serpaýly bagta ýar ýaşlar» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlary wekilleri, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary bagtyýarlyk bilen gatnaşdylar.
Maslahatyň başynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary tarapyndan «Arkadag Serdarly eziz Watanymyz — köňül buýsanjymyz» atly edebi-sazly kompozisiýasy ýerine ýetirildi. Dabaraly maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, pähim-parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ulgamlarynda uly ösüşleriň gazanylýandygy, döwletimiziň dünýädäki halkara abraý-mertebesiniň belende göterilýändigi, ýurdumyzyň geljekki ösüş tapgyrynda türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirilýändigi baradaky ýürek buýsançlaryny, maksat-myratlaryny beýan etdiler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren kitaplarynyň, döwletimiziň bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ýeňişli menzilleriniň, dürli binagärlik taslamalarynyňdyr milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi foruma gelenlerde aýratyn täsiri döretdi. Ýokary okuw mekdebiniň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylar toparynyň çykyşlary hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerini, eziz Diýarymyzyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda gazanan taryhy üstünliklerini, şanly Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy saza siňdirip, şirwan perdede saýradan aýdym-sazlary bu halkara maslahatyň ähmiýetini täze taryhymyzyň sahypalaryna ýazdy.
Gurbanmyrat SARYÝEW,
žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby.