ÝEŇIŞLERE ULAŞSYN ÝEŇIŞLERIŇIZ!
57920-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Sport toplumynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” Kararyna laýyklykda uniwersitetiň 1-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmaklarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlaryň netijelerini yglan etmek maksady bilen “Ýeňişli menziller size ýar bolsun, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly dabara geçirildi. Dabarada sportuň woleýbol, basketbol, futbol, tennis, küşt, düzzüm, şeýle-de ýeňil atletika görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlarda ýeňiş gazanan talyp ýaşlara hormat hatlary hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Çäräniň dowamynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň “Bagtyýarlyk owazlary” medeni merkeziniň aýdym-saz toparynyň aýdymçylary tarapyndan türkmen sportunyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan işleriniň waspyny ýetirýän ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi.
Dabaraly çäräniň çäginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň sportuň görnüşleri boýunça halkara, döwlet derejesinde we ýokary okuw mekdepleriň arasynda gazanan üstünlikleriniň sergisi hem guraldy.
Çäre uniwersitetiň fakultetleriniň talyplarynyň arasynda sportuň basketbol görnüşi boýunça geçirilen duşuşyk bilen dowam etdi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” Diýarymyzda Ýaşlar syýasatyny dabaralandyryp, ylymly, bilimli, berk bedenli, ruhubelent ýaş nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözleri aýdyldy.
Kerimberdi HAKBERDIÝEW,
Magtymguly adyndaky
Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň 4-nji ýyl talyby.