Aýdym-sazly dabara Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlandy

782

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 2023-nji ýylyň  “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky” Kararyna laýyklykda “Galkynyşly Diýarymyza waspymyz, gül Watanyň, şu milletiň nesli biz” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.
Aýdym-sazly dabarada “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” atly edebi-sazly kompozisiýa, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmatlylygy, beýik söz ussadyna hormat-sarpanyň nyşany bolan talyplar tarapyndan ýazylan goşgulardan çeper okaýyş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy, ýaşyl Tugumyzy wasp edýän aýdymlar ýerine ýetirildi. Dabarada “Aşyklar” aýdyşyk aýdymynyň, “Selbinyýaz” türkmen halk aýdymynyň ýerine ýetirilmegi halkymyzyň milli sungatynyň tarypnamasyna öwrüldi.
Dabaranyň çäginde talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde degişme sahna oýunlarynyň guralmagy bolsa, hormatly Prezidentimiziň ýaşlar syýasatynyň esasynda ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmasy boldy.
Aýdym-sazly dabaranyň ahyrynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň aýratyn tapawutlanan talyplary Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Dabara gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny dabaralandyryp, ylymly, bilimli, sagdyn, zehinli ýaş nesli kemala getirmek ugrunda alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30