Türkmenistanyň Halk maslahatynyň döredilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi

545

24-nji ýanwarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde kabul edilen çözgütlere bagyşlanyp «Türkmen halkynyň Milli Lideri – milli jebisligiň we mäkäm döwletliligiň daýanjy» atly dabaraly maslahat geçirildi. 
Bu maslahat 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda giň gerime eýe bolan taryhy mejlisiň ýokary guramaçylykly geçirilmegi, onuň barşynda ýurdumyzyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmäge gönükdirilen iňňän möhüm konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi mynasybetli ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik toplumy tarapyndan guraldy. 
Dabaraly maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikde geçirilen mejlisinde «Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýlip yglan edilmegi, 2023-nji ýylyň ilkinji günleri Türkmenistanda kanunçylyk özgertmeleriniň täze tapgyry bilen başlanandygy, Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen berkarar döwletimizde halk häkimiýetliliginiň ýokary edarasy – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilendigi barada bellediler.
Maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda bilim, saglygy goraýyş, sport we ylym pudaklarynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi guraldy. Şeýle-de ýokary okuw mekdepleriniň aýdym-saz we dutarçylar toparlary tarapyndan Arkadagly Serdarymyzy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny», halkymyzyň ajaýyp milli gymmatlyklaryny wasp edýän aýdymlar hem-de edebi-sazly kompozisiýa dabaraly maslahata özboluşly öwüşgin berdi.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan Arkadagly Serdarymyz – Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyz – Türkmen halkynyň Milli Liderine Ýüzlenmeler kabul edildi.

Salgymyz:

744000, Türkmenistan, Aşgabat, S.Türkmenbaşy şaýoly, 31
744000, Туркменистан, Ашхабад, проспект С.Туркменбаши, 31
744000, Turkmenistan, Ashgabat, S.Turkmenbashy avenue, 31

Telefon belgiler:
+99312 94-67-30